PARAHATLYK SUNGAT BILEN GÜL AÇÝAR


PARAHATLYK SUNGAT BILEN GÜL AÇÝAR

Balkanabat şäheriniň 16-njy orta mekdebinde Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan «Parahatlyk sungat bilen gül açýar» atly göçme sergi gurnaldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri goýuldy. Kitaphana işgärleri türkmen halkynyň taryhyny açyp görkezýän ajaýyp eserleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bu ajaýyp eserler ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymlarynyň, bilimleriniň kämilleşmegine uly goldaw bolýar. Mekdep okuwçylary sergini uly höwes bilen synladylar.