TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak hem-de şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, tekizleýiş, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, häkime bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

«Türkmenistan» gazeti