«HAKYDA GÖWHERI»-ÝAŞLARA ÝOL ÝÖRELGE
Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek boýunça talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz nesihat duşuşygyny «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň mugallymy Otuzowa Gülşirin alyp bardy. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi.
Bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilendigi bellenilýär. Bu gymmatly eser bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baý mazmunly kitaby dürli ýaşdaky watandaşlarymyza uly gyzyklanma döretdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir.
Alty bölümden ybarat «Ruhy miras» babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köp öwüşgünligine üns çekilýär.
Wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Ogulnabat Owlakowa gatnaşyp Milli Liderimiziň ylmy-filosofik işleriniň we çeper eserleriniň geljek nesiller üçin gymmatly hazynadygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň watandaşlarymyza serpaý eden eserleri halkyň ruhy we medeni gymmatlygyna öwrüldi. «Hakyda göwheri» atly kitap hem Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Bu eser gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde-de gymmatly çeşmä öwrüldi. Alym Arkadagymyz döredijilik gözlegleri barada aýdyp, bu kitaby döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Hut şu jähetden, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Wagyz-nesihat çäresiniň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkdagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerine giň orun berildi.
Wagyz-nesihat çäresi konserwatoriýamyzyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy Annanabat Hojamämmedowanyň çykyşlary bilen utgaşdy. Mugallymyň çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyrýan beýik işler, şol işleriň netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilýän sepgitler, halkymyzyň agzybirligi we bagtyýarlygy, Diýarymyzyň abadançylygy, bedew batly ösüşleri wasp edildi.