KITAPHANAMYZA TÄZE GELIP GOWŞAN KITAP


KITAPHANAMYZA TÄZE GELIP GOWŞAN KITAP

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullygy tarapyndan neşir edilen Hemidow Akmuhammediň «Küýseg»: Hekaýalar we nowellalar atly kitap gelip gowuşdy. Öz boluşly hem özüne çekiji eserleri bilen okyjylar köpçüliginiň arasynda giň meşhurlyga eýe bolan Akmuhammet Hemidowyň bu kitabyna döredijiliginiň dürli döwürlerine degişli hekaýalary we nowellalary beýan edilýär. Olarda adam ruhunyň ahwallary hakynda söhbet açylýar, aýratynam adamyň inçe duýgularyny beýan edilýär–ýaşaýan döwrüňe, Watanyňa, dogduk mekanyňa bolan söýgiden başlap, öz ýakynlaryna, dost-ýarlaryňa bildirilýän söýgä çenli söhbet açylýar. Kitap bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy kitaphanamyza çagyrýarys.