«MAGTYMGULY DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY GÖÇME KITAP SERGISI


«MAGTYMGULY DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY GÖÇME KITAP SERGISI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de paýtagtymyzdaky 130-njy orta mekdebi bilen bilelikde «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly göçme kitap sergisi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer işlerini wagyz etmek, ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, bilim derejesini artdyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek, ruhy taýdan kämilleşdirmek hem-de teleýaýlymlarda, ýurdumyzda belent sarpa goýulýan akyldar şahyrymyzyň döredijiligini wagyz etmek maksady bilen geçirilen göçme kitap sergimize gatnaşan mekdep okuwçylary, ýaş nesil üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidnetimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il–ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.