BEHIŞDI BEDEWLER–TÜRKMENIŇ ŞÖHRATY


BEHIŞDI BEDEWLER–TÜRKMENIŇ ŞÖHRATY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda «Behişdi bedewler–türkmeniň şöhraty» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz Diýarymyzyň toý-baýramlara beslenýän günlerinde, halkymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegi bolup, türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýynyň ýokdugy, çünki bedewler biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz bolup, ata-babalarymyz ýelden ýüwrük bedewlerimize bolan sarpa–söýgüsini nakyldyr, aýtgylarynda hem öwüşgin bilen beýan edendikleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ajaýyp döwrümiziň buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlermiziň adyny arşa göteren, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, eşretli durmuşda ýaşadýan, halkymyza döwletli döwrany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.