ÝAZYŇ-GÜÝZÜŇ ŞAHYRY


ÝAZYŇ-GÜÝZÜŇ ŞAHYRY

Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp «Ýazyň-güýzüň şahyry» ady bilen edebi-sazly çäre geçirildi. Edebi-sazly çärä Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary, mekdep okuwçylary, Balkan welaýat Drama teatrynyň artisti, kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Çärede şahyr Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligi, şygyrlarynyň türkmen edebiýatynda tutýan orny dogrusynda çykyş edildi. Gurbannazar Ezizow geçen asyryň altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarynda şygryýetde ýiti zehini, döredijilik aýratynlyklary, täzeçilligi bilen öz galamdaşlaryndan düýpli parhlandy. Gurbannazar Ezizow ХХ asyr türkmen realistik şygryýetini mazmun taýdan baýlaşdyrdy.

Şahyryň goşgularyny mekdep okuwçylary uly höwes bilen okadylar. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary bolsa şahyryň goşgularyndan aýdyma öwrülen aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň dowamynda kitaphanaçylar tarapyndan «Şygryýet äleminiň öçmez çyragy» atly kitap sergisi gurnaldy. Sergidäki birnäçe kitaplara syn berildi.

Milli mirasymyza, beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!