TALYP GYZLAR ÖZARA BÄSLEŞDILER!


TALYP GYZLAR ÖZARA BÄSLEŞDILER!

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde toýlar baýramlar giňden toýlanýar. Bu gün hem Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli–2025» atly gözellik bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşige fakultetden saýlanan talyp gözeli gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek arkaly öz ussatlygyny açyp görkezdiler. Talyp gözeller Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz ýürek buýsançlaryny özleriň joşgunly adym-sazlarynda beýan etdiler. Bäsleşige gatnaşan talyp gözelleriň içinde öz fakultetimize degişli bolan, «Halk sazy» fakultetiniň «Bagşyçylyk sungaty» bölüminiň I ýyl talyby Sahydursun Mätiýewanyň jemleýji tapgyra gatnaşmaga mynasyp bolmaklygy has-da bizi begendirdi. Çykyş eden talyp gözellerine, emin agzalary tarapyndan adalatly baha berilip, ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladylar.

Biz talyp ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!



Şagül KÖÇEKOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Türkmen sazy» bölüminiň IV ýyl talyby