KITAP–ADAMYŇ GANATY


KITAP–ADAMYŇ GANATY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Aşgabat şäheriniň şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebinde «Bilim–kämillik daragty» atly göçme-gözden geçiriş kitap sergisini we «Kitap–adamyň ganaty» atly wagyz-ündew çäresini geçirdi. Bu göçme sergide we wagyz ündew çäresinde kitaphanaçylar Altyn Çaryýewa, Dünýägözel Sopyýewa, Annajemal Orazowa dagylar çykyş etdiler.

Bu sergi türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, hem-de kitaphananyň baý kitap hazynasynda bar bolan gollanmalar hem-de kitaplar bilen guraldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamy täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, adamzat nesilleriniň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýip belleýär.

Ýurdumyzda ýaş nesli dogruçyllyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde kitabyň we kitaphanalaryň orny diýseň ulydyr.

Gahryman Arkadagymyz : «Biz kitaplaryň, kitaphanalarda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan uly üstünliklerimizi dünýä ýaýmalydyrys, geljekki nesillerimize ýetirmelidiris» diýmek bilen, türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländigini belläp geçýär.

Ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikleriň, taryhy ösüşleriň ruhlandyryjysy bolan Milli Liderimize, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarmyza baýsanjymyz egsilmezdir. Watanmyzy täzeden- täze rowaçlyklara tarap öňe sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.