KITAPHANAMYZA TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI


KITAPHANAMYZA TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurluşyk institutynyň talyplary gezelençde boldylar. <

Gezelenjiň çäklerinde Döwlet kitaphanasynyň bölümleriniň alyp barýan işleri bilen tanyş bolmak bilen birlikde olar «Aşgabat» teleýaýlymyna öz okaýyşlary we Döwlet kitaphanasynyň hyzmatyndan peýdalanyşlary barada interwýu berdiler.

Kitaphana ulgamyny kämilleşdirmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň merkezi kitaphanalarynda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamy kitaphanaçylyk işini has-da kämilleşdirdi. Diýarymyzyň ähli etraplarydyr obalaryndaky kitaphanalaryň işini has kämilleşdirmäge, halkyň ylym-bilim almak mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, döwletimiziň halkara giňişliginde kitaphana işi babatdaky maksatlaryny ösdürmäge, Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde medeniýet ulgamynyň ornuny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri açar.

Çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.