BAKY JUWAN ŞAHYR
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynyň «Okyjylara hyzmat etmek», «Ülkäni öwreniş, düşündiriş we sorag-jogap» bölüminiň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 15-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp «Kämilligiň hem sadalygyň aýdymçysy» ady bilen mowzuk agşamy geçirildiler. Bu ýerde bahar ýaly joşgunly, umman ýaly çuň eserleri bilen okyjylaryň aňynda, kalbynda ýaşamagy başaran, türkmen poeziýasynyň ägirdi Gurbannazar Ezizow barada gyzykly gürrüňler berilip, okuwçylarda şahyra bolan gyzyklanmalary artdyrdy.