ITALIÝALY DIRIŽÝOR MYHMANÇYLYKDA


ITALIÝALY DIRIŽÝOR MYHMANÇYLYKDA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygary dabaralandyrmak maksady bilen dürli maslahatlar, konsertler we beýleki çäreler guralýar. Bu gün bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan Ýewropa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk ösdürmek maksady bilen Meşhur Italiýan Respublikasynyň dirižýory Klaudio Wandelli türkmen talyplary bilen bilelikde ussatlyk sapagyny geçirdi.

Bu duşuşykda myhman nusgawy ýewropa saz medeniýetinden çykyş edip ussatlygyny görkezdi we talyplara degerli maslahatlary berdi. Ussatlyk sapagynyñ dowamynda ýaş sazandalar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip myhman diriźýordan kanagatlanarly jogaplaryny aldylar. Bu geçirilen duşuşygy konserwatoriýanyň uçurumy bolan Döwran Şammyýew alyp barmagy hem ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlaryny has-da buýsandyrdy. Ussatlyk sapagynyň ahyrynda myhman Klaudio Wandelli öz hoşallygyny bildirip mugallymlara we talyp ýaşlara sungat ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bu günki geçirilen ussatlyk sapagyna gatnaşanlar talyp ýaşlaryñ ýokary bilimli bolmaklary üçin döredilip berýän şeýle mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.



Röwşen ATAÝEW



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy