KITAP–GEÇENI, GELEJEGI ÖWREDÝÄN DANA
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde, Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdepde «Kitap–geçeni gelejegi öwredýän dana» gepleşigini geçirdi.
Gepleşigiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny bölümleriniň aýratynlygy barada okuwçylara täsirli gürrüňler berdiler. Çäräniň dowamynda okuwçylar dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen birnäçe goşgularyny ýatdan we labyzly aýdyp berdiler.
Gepleşigiň ahyrynda gyzyldan, gymmatly eserleri döredip, halkymyza sowgat edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
