SANLY ULGAM–DÖWREBAP ÖSÜŞ


SANLY ULGAM–DÖWREBAP ÖSÜŞ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Sanly ulgam–döwrebap ösüş» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda kitaphana ulgamyny ösdürmäge, oňa innowasion gazananlaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini, kitaphana işiniň hil taýdan täze derejä çykýandygy barada beýan etdiler. Şeýle hem sanly ulgamyň üsti bilen kitaphanalarda alnyp barylýan elektron kitaplar, gerekli bolan islendik edebiýaty tiz wagtda tapmaga, wagty tygşytlap, esasy ünsi zerur kitabyňa gönükdirmäge uly ýardan edýändigi barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.