«MAGTYMGULY PYRAGY MEKDEBI WE TÜRKMEN MAGTYMGULYŞYNASLARY» ATLY DÖREDIJILIK MASLAHATY


«MAGTYMGULY PYRAGY MEKDEBI WE TÜRKMEN MAGTYMGULYŞYNASLARY» ATLY DÖREDIJILIK MASLAHATY

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy dogrusynda, onuň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary gymmatly maglumatlara baý çeşmeleriň ähmiýeti barada çykyşlar boldy.

Çykyşlaryň dowamynda şahyryň goşgulary ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek üçin gymmatly gollanma bolup, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, zähmeti söýmegi ündelýär. Beýik dana bagyşlanan bu dürdäne kitap hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininiň, döredijilik ylhamynyň ajaýyp miwesidir, ynsan köňüllerine nur çaýýan şamçyragdyr. Maslahata gatnaşan alymlaryň hem-de halypa mugallymlaryň çykyşlary ýaş suratkeşlerimiziň döredijiligine täsir etjekdigi bizi diýseň buýsandyrýar. Milli mirasymyzy dünýä tanatmak, akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasyny çuňňur öwrenmek hem-de geljekki ýaş nesillerimize ýetirmek babatda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsuny aýdýarys.



Tawus GARAJAÝEWA



Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylym bölüminiň uly ylmy işgäri