ŞIRIN OWAZLY TÜRKMEN BILBILI ATLY ÝATLAMA KONSERT
Ömrüni saz-sungatyna bagyşlan beýik şahsyýetlerimiz häli-häzir hem halkymyzyň kalbynda ýaşaýar. Muny bolsa ýurdumyzda halypalarymyza bagyşlap geçirilýän dabaralar, her bir medeniýet ojagynda aýdym-saza beslenen ýubileý konsertleri subut edýär. <
Şeýle şanly dabaralaryň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýamyzda hem Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan güniniň 95 ýyllygy mynasybetli «Şirin owazly türkmen bilbili» atly ýatlama-konsert geçirildi. Konsert konserwatoriýamyzyň halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda dabaralandy.
Opera aýdymçysynyň ýubileýine bagyşlanan dabarada ýokary okuw jaýymyzyň prorektory Ýazmyrat Rejepowa, «Sazyň taryhy» kafedrasynyň mugallymy Gülsoltan Döwletowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Altyn Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa hormat bilen söz berilip, aýdymçynyň türkmen milli sungaty bilen aýrylmaz baglanyşykly ömri, zähmetsöýerligi, gaýtalap bolmajak zehini barada aýdyp, türkmen bilbiline bagyşlanan goşgy setirlerini okadylar.


Türkmen saz sungatynyň saýrak bilbili, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Medeniýet Şahberdiýewa milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde we ony ýurdumyzdan daşarda hem mynasyp orunda görkezmek üçin bütin irginsiz zähmet çekdi. Milli medeniýetimizde ýene-de şeýle şahsyýetlerden Maýa Kulyýewany, Annagül Annagulyýewany görkezmek bolar.
Ussat opera aýdymçysyna bagyşlanan dabara Maýa Orazberdiýewanyň ýerine ýetirmeginde Weli Muhatowyň «Jan Türkmenistan» eseri bilen açyldy. Bu dabaraly konsertde aýratyn bellemeli zatlaryň biri bolsa meşhur operalardan Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdan ariýalarynyň, duetleriniň ýerine ýetirilmegidi. Muňa mysal: Aýna Seýitkuliýewanyň ýerine ýetirmeginde D.Öwezow bilen Ý.Meýtusyň «Leýli-Mejnun» operasyndan Leýliniň ariýasyny, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowanyň we Meýlis Myratgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde W.Muhatowyň «Ganly saka» operasyndan «Aýlar bilen Çaryýaryň» duetini, Türkmeniň «Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Amangeldi Amanowyň we Bibijemal Amonowanyň ýerine ýetirmeginde R.Rejepowyň «Görogly» operasyndan Agaýunus bilen Göroglynyň duetini, Amangeldi Amanowyň ýerine ýetirmeginde N.Muhatowyň «Keýmir kör» operasyndan Keýmir köriň ariýasyny, «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Gaýipowyň ýerine ýetirmeginde W.A.Mosartyň «Figaronyň toýy» operasyndan Figaronyň ariýasyny, Türkmenistanyň halk artisti Gözel Öwezowanyň ýerine ýetirmeginde A.Şapoşnikow bilen D.Öwezowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan Şasenemiň ariozosyny, Göwher Kakabaýewanyň ýerine ýetirmeginde Rimiskiý Korsakowyň «Sineguroçka» operasyndan Sneguroçkanyň ariýasyny görkezmek bolar. Mundan başga-da «Soloweý», «Toý walsy», «Zary bilen», «Gyz», «Saňa garaşýan», ýaly meşhur eserleri hem ýaňlandy.
Dabaraly konsert Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde «Älemgoşar», «Aşgabat» aýdymlary bilen jemlendi. Konsertde çykyş eden ussat aýdymçylara we Türkmenistanyň halk artistlerine gül çemenleri gowşuryldy.

