DIŇE GÜL DÖREDER, ŞAHYR ÝÜREGI


DIŇE GÜL DÖREDER, ŞAHYR ÝÜREGI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän 28-nji orta mekdebinde «Diňe gül döreder, şahyr ýüregi» atly Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Hormatly myhmanymyz Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň professor mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti, Hormatly il ýaşulysy Atageldi Garýagdyýewiň şahyryň sözlerine döreden aýdymlaryny ýerine ýetirip bermegi duşuşygymyzyň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdi. «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Aýjemal Omarowanyň ýaş nesillere Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijilik ýoly barada beren gürrüňleri hem gyzykly boldy. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine degişli kitaplardan guran göçme kitap sergisi ýaş nesillerde aýratyn täsir döretdi.

Dabaraly duşuşygymyzyň dowamynda oňa gatnaşanlar edebiýatymyzy, sungatymyzy ösdürmeklige goşant goşan şahsyýetleriň adyny ebedileşdirip, olaryň döredijilik ýoluny öwrenmeklige giň sözleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.