DÜNÝÄ DÖWLETLERI (HYTAÝ)


DÜNÝÄ DÖWLETLERI (HYTAÝ)

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde «Dünýä döwletleri (Hytaý)» atly kitap sergisi gurnaldy.

Hytaý döwleti dünýäniň iň gadymy we baý taryhy bolan ýurtlarynyň biridir. Onuň taryhy müňýyllyklara uzap gidýär we dünýäniň ykdysady we medeni ösüşine uly täsir edýär. Hytaýyň gadymy siwilizasiýasy, şeýle hem häzirki zaman ösüşleri bu kitap sergisinde giňişleýin beýan edilýär. Mundan başga-da, sergide Hytaý döwletiniň meşhur filosoflary, taryhy hadysalary, medeniýeti we ykdysady ösüşleri baradaky kitaplar hödürlenýär.

Bu kitap sergisi sergä gatnaşyjylaryň ýadynda täsinli ýatlamalar galdyrdy. Bu pursatdan peýdalanyp türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza iň gowy arzuwlary beýan edýäris.