TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BÜTIN DÜNÝÄ BANKYNYŇ ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
28-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassanini kabul etdi.
Hanym Antonella Bassani bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Bütindünýä bankynyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giň eltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurtda milli maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, dürli pudaklarda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, ösüşiň ýokary depginini saklap galmaga mümkinçilik berýär. Myhman pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz iri halkara maliýe guramasynyň wekilini mähirli mübärekläp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Bütin-dünýä bankynyň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de myhmanyň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda ykdysady ösüşi goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň we Bütindünýä bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, maliýe ulgamyny kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek, ekologik durnuklylygy üpjün etmek bilelikdäki işiň esasy ugurlary bolup durýar. Ýurdumyzda makroykdysady syýasaty ösdürmek, maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bu taslamalaryň esasy maksadydyr.
«Türkmenistan» gazeti