KONSERWATORIÝADA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI


KONSERWATORIÝADA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda 2025–nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagy we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri, gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, hukuk sowatlylygyny artdyrmak hem-de ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen talyp-ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri çykyş edip, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini kemala getirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak we ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmakda alynyp barylýan döwlet derejesindäki işler babatynda täsirli gürrüňleri berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar asuda Watanymyzyň aýdyň geljegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.



Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby