AÝDYMA ÖWRÜLEN ŞAHYR


AÝDYMA ÖWRÜLEN ŞAHYR

Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap welaýatymyzyň şahyrlarynyň, kitaphanamyzyň okujylarynyň we kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Aýdyma öwrülen şahyr» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi edebiýat äleminiň parlak ýyldyzy Gurbannazar Ezizowyň bize galdyran bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp eserleri döredijilik işgärlerine gymmatly çeşme bolup hyzmat edýändigi, şahyryň döredijiligi köptaraplaýyn bolup, onuň goşgularynda Watana, gözellige, türkmen tebigatyna, sungata bolan söýgi öz beýanyny tapýandygy şeýle-de şahyryň şygyrlaryny çeperçilik taýdan baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, many-mazmun taýdan hem tebigatyň waspyny ýetirýär, onda-da türkmen tebigatynyň aýratynlygyny, ynsana özboluşly täsirini şahyrana dilde, çeperçilik serişdeleriniň dürli görnüşlerinden peýdalanyp suratlandyrýar. Bu hem öz gezeginde, şahyryň dünýäsini açmakda, doly derejede türkmen tebigatynyň waspyny ýetirmekde mynasyp orna eýedigi barada giňişleýin çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda çeper sözüň ussady edebiýatyň eziz ogly Gurbannazar Ezizowyň goşgularynyň birnäçesi okaldy. Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan il ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.