TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ KATAR DÖWLETINIŇ EMIRI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
3-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Kataryň Emiri birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar hem-de bu mübärek aýyň sahawatly günlerinde tutuljak orazalaryň, amal ediljek ybadatlaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler.
Soňky ýyllarda Türkmenistan Katar bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha hem-de ony ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär diýip, Milli Liderimiz aýtdy we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge şahsy goşandy üçin Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Dostlukly ýurduň Emiri hormatly Arkadagymyzyň däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly goşandynyň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, maýa goýumlar, ulag, söwda boýunça hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna öwrüljekdigini aýdyp, bu babatda bar bolan mümkinçiliklere, toplanan oňyn tejribä esaslanyp, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.
«Türkmenistan» gazeti