ZENAN MERTEBESI-ZEMIN ZYNATY


ZENAN MERTEBESI-ZEMIN ZYNATY

Lebap welaýat kitaphanasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli kitaphananyň «Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän» bölüminiň gurnamagynda «Zenan mertebesi-zemin zynaty» ady bilen mowzuk agşamy geçirildi.

Bu çärä Türkmenabat şäheriniň häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlary gatnaşdylar. Çärede ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, adamzat neslini dowam etdiriji, öz söýgüsi bilen ojagyny ýyladýan, perzentlerini mähri bilen kemala getirýän enelerimiziň zähmeti, taryhda yz goýan zenanlarymyzyň gahrymançylyklary barada söhbetler edildi şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan «Dünýäniň durky zenanlar» ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirilen ýazyjy zenan şahyrlarymyzyň el hünärlerimizi wasp edýän kitaplary gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Gatnaşyjylar bagtyýarlyk döwrümizde döwrebap ýaşamaga ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.