LEBAP WELAÝATYNYŇ ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBINIŇ HOR TOPARY KONSERWATORIÝADA MYHMANÇYLYKDA
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň Hor toparynyň «Konserwatoriýada sahnada» atly konserti geçirildi.
Konsertiň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Rasul Amangeldiýewa, Türkmenistanyň Gahrymany, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça «UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň» jogapkär sekretary Çynar Rustamowa söz berildi we Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Abadanlyk aýdymy» bilen açyldy. Oňa Türkmenistanyň halk artisti Bäşim Berdiýew dirižýorlyk etdi.
Hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Jeren Gurbangylyjowanyň «Kim sen», Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Anžela Atamyradowanyň we hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Frans Şubertiň «Ave Maria», P.Çaýkowskiniň «Legenda», F.Durantenyň «Tans», Aziza Arslanowanyň sazandarlyk etmeginde Suhan Tüýliýewiň «Bilmedim», Batyr Soltanowyň «Näzli ýar», Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Örejemal Nepesowa, 3-nji ýyl talyby Ilşat Ildarowyň we «Owaz» a’kapella toparynyň ýerine ýetirmeginde Bäşim Berdiýewiň «Söýgi kenary» ýaly meşhur eserleri ýaňlandy.
Konsert Türkmenistanyň halk artisti Bäşim Berdiýewiň dirižýorlyk etmeginde özbek degişme aýdymy «Kylpyllama» eseri bilen jemlendi. Bu dabara tomaşaçylar üçin örän täsirli geçdi. Ähli konserde gatnaşyjylara hormatlap gül-çemenleri gowşuryldy.
