ZYBANDA SENADYR ENE ÝÜREGI


ZYBANDA SENADYR ENE ÝÜREGI

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň hünärmenleriniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 59-njy çagalar bagynda körpe çagalaryň gatnaşmaklarynda «Zybanda senadyr ene ýüregi» atly çagalar ertirligi geçirildi.

Çärede çagalar kitaphanasynyň taýýarlan türkmen halk ertekilerinden gurjak sahnalary sahnalaşdyryldy we ene hakyndaky eserlerden göçme sergi görkezildi. Dabaranyň dowamynda türkmen halk ertekilerinden terbiýeçilik ähmiýetli ertekiler okaldy we aýdym-sazlar diňlenildi. Bu dabara körpeje çagalarymyzyň ene hakdaky goşgulary, aýdym-sazlary, tanslary bilen utgaşyp gitdi. Çärede çykyş eden gelin-gyzlar durmuşda ene-atalaryň çagalaryna, aýratynam gyz perzentlerine berýän edep terbiýesi barada gyzykly gürrüňler beýan edildi. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgelerini durmuşa geçirýän ýurdumyzy dünýä derejesinde parahat alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.