KITAP SAKLAMAK BÖLÜMINIŇ IŞ BEYANY
Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölüminde talyplara iş tejribelerimiz hakynda gürrüň berip kitap saklamak bölüminiň edýän işleri bilen tanyşdyrýarys ilki bilen hazynamyzdaky kitaplaryň saklanylyşy we umumy kitaplaryň kitaphanamyzdaky möçberi bilen tanyşdyrmakdan başlap olary okyjylaryň talap kagyzlaryny okap isleg bildiren kitapdyr gazetleri nomerleri ýada ugurlary boýunça saklanýan ýerlerinden tapyp okyjylara ýetirmek üçin edýän zähmetimizi görkezip özlerine öwredýäris. Şeýle hem hazynanyň kitaplaryny abatlamak, olary sanawy boýunça yzygider goýmak kartotekalarda atlary boýunça tapmak kitaplaryň we gazetleriň saklanyş aýratynlyklary barada iş üstünde gürrüň arkaly tejribämizi paýlaşýarys. Geljekki kitaphanaçylyrymyzyň wezipelerini dogry ýerine ýetirip bilmekleri üçin zähmet söýer kitaphanaçylarmyzyň iş tejribelerinden ugur alyp kitap saklamak bölüminde okyjylara hyzmat etmegi we hazynamyzyň kitapdyr žurnallarny gazetlerini hazynamyzda saklanyşyny we kitaplaryň okyjylara okamaga bermek möhletlerni düşündirýäris.