PARAHATDYR DİÝARYM, EZİZ TÜRKMENİSTANYM
Mary welaýat kitaphanasynyň guramagynda Marynyň Ýo.Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy. Mart aýynyň 4-8 aralygy dowam edýän «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen gurnalan göçme kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri ýerleşdirilip bu kitap sergisini has hem baýlaşdyrmakda öz beýanyny tapdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýuwrulan kitaplaryna berlen synlar talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Gurnalan göçme kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Serginiň dowamynda okamaga, öwrenmäge döredip berýän şeýle mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.