OKUWÇYLARYŇ GEZELENJI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna «Bäşim Nuralyýew adyndaky çeperçilik mekdebiniň» okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gezelenji guraldy we olar Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyş boldylar. Olar esasan hem Sungat bölüminiň işi bilen aýratyn gyzyklandylar. Sungat bölüminiň hazynasy sungata degişli kitaplardan, döwürleýin neşirlerden, notalardan, audiowizual neşirlerden ybaratdyr. Şeýle hem türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň nota eserleriniň baý hazynasy bar. Bölümde sungatyň ähli görnüşleri boýunça sowal-jogap neşirleri-de ýerleşdirilen. Türkmen sungatynyň we daşary ýurtlaryň sungatynyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen, bölüm tematiki we senenamalaýyn kitap sergilerini guraýar.
Bölümde «Sungat äleminde» atly tapgyr boýunça Türkmenistanyň belli-belli sungat ussatlary barada, suratkeşler, kompozitorlar, kinooktýorlardyr-režissiýorlar, teatr artistleri, tele-radio ýaýlymlarynyň halypa diktorlary barada kitaphananyň kitapdyr-gazet žurnal hazynasyndaky bar bolan ähli maglumaty bir ýere jemläp ýörite usuly bibliografiki gollanmalary taýýarlamak işi alnyp barylýar. Bu gollanmalar bolsa okyjynyň wagtyny köp sarp etmezden özüne zerur bolan maglumatlary alyp bilmekligine uly ýardam berýär. Bu gollanmalar we guralan sergiler okuwçylarda we mugallymlarda uly täsir galdyrdy.
Ýaş nesillerimize okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.