ÝYLLARYMYZ ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR


ÝYLLARYMYZ ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Ýyllarymyz ösüşlere beslenýär» atly göçme kitap sergisini gurady. Kitaphana hünärmenleri, talyp ýaşlara «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» şygary astynda geçýän bu ýylymyzda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirýän beýik işler hakynda tasirli gürrüňleri berdi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatsöýüjiligi, dostlugy wasp edýän gymmatly eserleri hem-de türkmen edebiýatymyzda ýazyjydyr-şahyrlaryň asudalyk, ynanyşmaklyk barada döreden kitaplary talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Talyplara göçme sergi uly gyzyklanma galdyrdy.

Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň erkana okap, bilim almaklary ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.