ENE MUKADDESLIGI–KERAMATYŇ GÖZBAŞY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mukaddesligi–keramatyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlary maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy bolup, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan zenanlarymyzyň baýramy, baharyň ilkinji günlerinde bellenilmeginiň özünde uly many bardygy, munuň özi türkmen zenanlary ähli döwürlerde öý-ojagyň ýylysyny maşgalasynyň abraýyny jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, ynsanperwer ýörelgelerini, däplerini gorap saklap, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşumyzyň bezegidigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda zenanlarymyza belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.