TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ TÄZE DESGALARYNYŇ GURLUŞYKLARY BILEN TANYŞDY
4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda Diýarymyzda döwrebap lukmançylyk edaralaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi lukman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde halkara görkezijilere we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bina edilýän, täzeçil tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylýan lukmançylyk edaralarynyň toplumy kemala geldi. Şolaryň hatarynda Halkara pediatriýa merkezi hem möhüm orny eýelär. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiz 2023-nji ýylyň martynda bu lukmançylyk desgasynyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşypdy.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz gurluşygy batly depginde dowam edýän 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň bina edilýän ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz şäher ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň bellenen aralygy bökdençsiz geçip bilmekleri üçin degişli işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysadyýet ylymlarynyň doktory, professor, düýpli ylmy işleriň awtory lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, onuň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen yzygiderli durmuşa geçirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
«Türkmenistan» gazeti