HALYPA BILEN DÖREDIJILIKLI DUŞUŞYK
Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Eziz Diýarymyzda halkymyz her bir ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşy alýar. Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde Türkmenistanyň halk artisti, konserwatoriýanyň professory Ýolaman Nurymow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga «Türkmen sazy» kafedrasynyň halypa mugallymlary, Ýolaman halypanyň birnäçe şägirtleri we myhmanlar gatnaşdylar. Halypa geçen duşuşygyň dowamynda sungat ýolunda ylaýta-da dutarda ýerine ýetirijilik sungatynda gyzykly maglumatlary ýaşlaryň dykgatyna ýetirdi. Şeýle hem öz döredijiligindäki dürli ýyllarda döreden sazlary barada gyzykly gürrüňleri berdi.

Duşuşykda talyplar, Ýolaman Nurymowa özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip özlerini kanagatlandyrýan jogaplaryny aldylar. Söhbetdeşlikli duşuşyk halypanyň döreden sazlaryny şägirtlerini ýerine ýetirmeginde dowam etdi.
Halypanyň eserleri bilen birlikde türkmen halk sazy «Selbinyýaz gyrk» we «Ýar gyrmyzy geýinipdir» sazlary hem ýokary derejede ýerine ýetirildi. Halypa duşuşykda ýerine ýetiren sazlary barada hem gyzykly maglumatlary talyplaryň dykgatyna ýetirdi we ýaş sazandalara sungat ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda halypa Ýolaman Nurymow ýaşlara bilim terbiýe bermek üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdy.