GELIŇ DÜNÝÄ EDEBIÝATYNYŇ TÄZE NEŞIRLERI BILEN TANYŞ BOLALYŇ!


GELIŇ DÜNÝÄ EDEBIÝATYNYŇ TÄZE NEŞIRLERI BILEN TANYŞ BOLALYŇ!

Mary welaýat kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminde «Geliň dünýä edebiýatynyň täze neşirleri bilen tanyş bolalyň!» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde ýerleşdirilen täze edebiýatlaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle hem türk, iňlis, nemes, rus, arap dillerindäki kitaplaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Bu kitap sergisine dürli edebiýatlar–ensiklopediýalar, daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça kitaplar we okuw gollanmalary, sungat, medeniýet, syýasat, ykdysadyýet baradaky hem-de beýleki ulgamlara degişli döwürleýin neşirler goýuldy. Bu kitap sergisi sergä gatnaşyjylaryň ýadynda täsinli ýatlamalar galdyrdy. Bu pursatdan peýdalanyp türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza iň gowy arzuwlary beýan edýäris.