«ENELERIŇ KALBYNDAN DÖREÝÄNDIR BAHAR-ÝAZ, OLARYŇ HÜWDÜSINDEN YLHAM ALÝAR AÝDYM-SAZ» ATLY 8-NJI MART HALKARA ZENANLAR GÜNÜNE BAGYŞLAP GEÇIRILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY


«ENELERIŇ KALBYNDAN DÖREÝÄNDIR BAHAR-ÝAZ, OLARYŇ HÜWDÜSINDEN YLHAM ALÝAR AÝDYM-SAZ» ATLY 8-NJI MART HALKARA ZENANLAR GÜNÜNE BAGYŞLAP GEÇIRILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat söwda we medeni dynç alyş merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Eneleriň kalbyndan döreýändir bahar-ýaz, olaryň hüwdüsinden ylham alýar aýdym-saz» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýaşajyk kitap söýüjiler kümüş saçly enelerimizi, mähriban gyz-gelinlerimizi wasp edýän goşgulary, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym –mukaddeslige tagzym» atly kitabynda beýan eden mähriban käbesi Ogulabat ejäniň türkmen zenanlaryna nusgalyk ömri baradaky ýatlamalary bilesigeliji okuwçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Döredijilik duşuşygyna «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen zenanlarynyň mertebesini belende göterýän, olara çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.