BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ZENANLARY


BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary» ady bilen Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şu günki baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň enelerimiz we käbelerimiz hakynda edýän Döwlet derejesindäki aladalary, Halkara 8-nji mart zenanlar gününe bagyşlanyp zenanlarymyz bilen bilelikde ýaşajyk gyzjagazlara çenli pul sowgatlarynyň gowşurylýanlygy barada söhbet etdiler. Enelerimiz, käbelerimiz biziň bahar-ýaza meňzeş, ajaýyp gül-gunçalara meňzeş gelin-gyzlarymyz hakynda goşgy ýazmadyk eser döretmedik şahyr-ýazyjy, aýdym aýtmadyk, saz döretmedik bagşy-sazanda ýok bolsa gerek. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler bular hakynda aýtmak bilen gelin-gyzlar hakynda ýazylan goşgulary okadylar.

Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.