PARAHATLYK–BAKY SYNMAZ BAGTYMYZ
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Parahatlyk–baky synmaz bagtymyz» atly aýdym-saza beslenen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler şöhratly ýylymyzda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik döwletli işler barada öz ýürek buýsançlaryny aýtdylar. Täsirli edilen çykyşlar biziň sungat ojagymyzda bilim alýan talyp ýaşlarymyzda uly täsir galdyrdy. Geçirilen söhbetdeşlik talyp ýaşlarymyzyň döredijilik işlerini üstünlikli dowam etdirmäge ruhlandyrdy.