TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÝEWROPA KOMISSARYNY KABUL ETDI
12-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginde ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Ýewropa komissaryny mähirli mübärekläp, myhmanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklaryň geçiriljekdigini hem-de onuň sebitde uly portlaryň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp görjekdigini aýtdy we bu saparyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär. Özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.
«Türkmenistan» gazeti