OBA ZÄHMETKEŞLERINIŇ ARASYNDA


OBA ZÄHMETKEŞLERINIŇ ARASYNDA

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 11-12-nji martynda Balkan welaýatynda geçirilen döredijilik duşuşyklary hem bu şanly senelere bagyşlandy.

11-nji martda Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň Medeniýet öýünde geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygyna Belek şäherçesiniň ýaşaýjylary, medeniýet, bilim işgärleri gatnaşdylar. Medeniýet öýünde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň halkymyza serpaý beren kitaplarynyň, milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy.

Aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny «Biznes reklama» gazetiniň esasy ugurlar boýunça redaktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbannazar Orazgulyýew alyp bardy. Halypa ýazyjy öz çykyşynda geçirilýän döredijilik duşuşygynyň maksady, oba medeniýetini ösdürmek, ilat arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmek barada täsirli gürrüň berdi.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow döredijilik duşuşygynda ýurdumyzyň teatr sungatynda gazanylýan üstünlikler, döwrebap sahna oýunlary barada gürrüň berdi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okap berdi. Şeýle hem, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdi.

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ilşat Annamämmedowyň ýerine ýetiren aýdymlarynda mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden wasp edildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow döredijilik duşuşygynda eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýszy tagallalary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi, şeýle hem, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny çeper wasp edýän goşgularyny okap berdi.

Döredijilik duşuşygynda Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet we sungat işgärleri hem öz aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Belek şäherçesiniň Medeniýet öýünde geçirilen aýdym-sazly duşuşykda edilen çykyşlary tomaşaçylar şowhunly garşyladylar.