Döwkesen — üstýurtdaky gorag galasy


Döwkesen — üstýurtdaky gorag galasy



Uzakdan magallaklap görünýän ýumrulan galalaryň täsin harabalyklary orta asyrlara degişli golýazmalarda gülläp ösüşiniň waspy edilen Wezir şäheri ýerli ilat tarapyndan Döwkesengala diýlip atlandyrylýar. Ol Demirgazyk Türkmenistanyň iň bir täsin galdyrýan ýadygärlikleriniň biridir. Döwkesengala Üstýurduň 30 metr belentlikdäki kert gaýasynda ýerleşýär. Pesden synlanyňda, ýadygärligiň kerpiçden örülen gasyn-gasyn diwarly äpet erkgalasy haýran galdyrýar. Olar gadymy şäheriň galyndylary. Hünärmenleriň seljermesine görä XVI asyrda geçirilen gurluşyk işlerinde gadymy gorag diwary täze bina edilen goranyş desgasynyň düýbi hökmünde ulanylypdyr. Galanyň diwarlary daşdan örülipdir, gurluş meýilnamasy äpet gönüburçluk görnüşinde, birnäçe diňleri we derwezesiniň ýanynda goranyş desgalary bolupdyr. Galanyň daşyndan, daşly baýryň eňňidinde çukur gazylypdyr. Şu händek syýahatçylarda örän güýçli täsir galdyrýar, çünki hut onuň täsinligi ýadygärligiň mifiki keşbiň ady bilen baglanylmagyna, ýagny Döwkesen diýlip atlandyrylmagyna (türkmen ertekileriniň gahrymany döw tarapyndan kesilen, ýagny gazylan händekli ýadygärlik) sebäp bolupdyr.
XVI asyrda belli iňlis ilçisi we syýahatçysy Entoni Jenkinson Wezirde bolýar. Ol 1558-nji ýylda kerwen bilen Demirgazyk Türkmenistana syýahat edýär. Jenkinson Astrahandan türkmenleriň ýaşan ýeri bolan Müňgyşlaga, soňra Aral deňzine tarap ugraýar. Öz ýatlamalarynda ol XVI asyrda Orta Aziýada ýaşaýşyň gülläp ösendigini nygtaýar. Esasan hem, ol iki türkmen şäherini – Döwkeseni we Köneürgenji aýratyn wasp edýär.
Jenkinsonyň belleýşine görä, «Wezir şäheri beýik tebigy baýryň üstünde ýerleşipdir. Galanyň günorta bölegi pes, emma örän hasylly ýerler bilen gurşalypdyr. Bu ýerde örän datly miwe we bakja önümleri ýetişdirilýär, türkmen gawunynyň süýjüligi we iriligi başga ýerleriňkiden düýpli tapawutlanýar, ol şekerden dörän ýaly, ýerli ýaşaýjylar ony nahardan soň süýji şerbet içmegiň deregine iýýärler. Bu ülkäniň garpyzy hem örän datlydyr, ol hyýardan has uly we gant ýaly süýji, mundan başga-da baldagy şekerçiňrigiňkä örän meňzeş boý alyp ösýän künji diýlip atlandyrylýan däneli ekin hem bar, onuň däneleri şalynyňka meňzeýär we üzüm salkymlary ýaly baldagynyň depesinde hasyl getirýär. Şäher Oksus derýasyndan (Amyderýa) çekilen ýaplar arkaly suw bilen üpjün edilýär».
Soňra ol derýanyň suwunyň peselmegi sebäpli bu ýerde suw ýetmezçiliginiň duýulýandygyny ýaňzydýar. Hakykatdan-da, eýýäm indiki asyrda Wezir – Döwkesen şäheri suw ýetmezçiligi sebäpli taşlanýar we kem-kemden dargap başlaýar.

Emma şu günki gün hem gadymy galanyň harabaçylygyna basyrylyp oturan beýik gaýa çykyp syn etseň, derýanyň hanasynyň giňliginden we kenarlarynyň beýikliginden çen tutup, şol uzak döwürlerde onuň nähili bolçulyk eçilendigine göz ýetirip bolýar. Döwkesen gadymy şäher harabaçylygynyň çäginde uly bolmadyk üç sany atsyz kümmet we ýönekeýje metjit saklanyp galypdyr. Вu binalar eýýäm geçen asyrlaryň ussalarynyň başaran kämilligi ýaly ajaýyp däl, emma muňa garamazdan, olar öz döwrüniň nusgawy ýadygärlikleriniň köp alamatlaryny özünde jemleýär.
Wezirden kerwen ýollary ýa-ha gündogara – Köneürgenje, ýa-da Üstýurt belentliginiň üsti bilen rus topragyna rowana bolupdyr.
Türkmenistan – ýokary derejede kämil milli medeniýeti bolan döwletdir. Medeniýetler her bir adamyň şahsyýetine goýulýan çuňňur hormata esaslanýandyr we ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň milli ýörelgelerine ygrarlylyga görä aýdyňlaşdyrylýandyr. Hatda, döwletiň daşary syýasat ýörelgesi – hemişelik Bitaraplyk syýasaty – türkmen jemgyýetiniň her bir goňşy bilen parahatçylykda ýaşamagy goldamak, islendik ýagdaýda umumy dil tapmak ukyby ýaly taryhy tejribeleriň nyşany bolup durýar.
Geçmiş biziň şu günki durmuşymyza görünmezden goşulýar. Gadymyýetiň beýik medeniýetiniň mirasdüşeri bolan häzirki zaman Türkmenistanda geçmişiň buýsançly gymmatlyklary milli baýlyk hökmünde arzylanýar.