Melhemler hazynasy


Melhemler hazynasy



Gahryman we mähriban Arkadag Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ensiklopedik kitabynyň on ikinji tomy Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli elimize gowuşdy. Munuň özi ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaslary. ylym-bilim işgärleri üçin goşa baýrama, goşa toýa öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň çuň manyly ajaýyp ensiklopedik eseriniň öňki on bir jildinde jemi 1505 sany dermanlyk ösümligiň üstüne ýene-de 100-den gowrak şypaly melhemlikler goşuldy. Munuň özi ylym we bilim işgärlerine täze ylmy başlangyçlara badalga berýär. Ýurt Baştutanymyzyň şu kitabynda dermanlyk ösümlikleriň görnüşleri, ösýän ýerleri we şertleri, himiki düzümi, lukmançylyk tejribesinde ulanylyş taryhy, ýygnalyşynyň möhletleri we usullary, olary saklamagyň düzgünleri barada peýdaly maglumatlar getirilýär.
Şeýle çuň manyly kitabyň ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmekde ýol görkeziji gollanma bolup hyzmat edýändigini bellemekçidiris. Şonuň ýaly-da bu kitap melhemler hazynasy hökmünde lukmanlar üçin örän wajypdyr. Bu ugurda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ýazylan ylmy eserleriň naýbaşysy bolmak bilen ýokary we orta lukmançylyk ugurly mekdeplerde ders hökmünde öwrenilýär. Ata- babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp milli gymmatlygyna ýetiren halk tebipçiliginde ulanylýan dermanlyk ösümlikler hormatly Prezidentimiziň çuňňur ylmy gözlegleri bilen häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesini baýlaşdyrýar. Kitapda, däp bolşy ýaly, her bir dermanlyk ösümligiň ady üç dilde (türkmençe, latynça, rusça) we şol ösümligiň reňkli suraty berilýär. Ondan soňra dermanlyk ösümligiň özboluşly aýratynlyklary: häsiýetnamasy, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy, derman taýýarlanylyşy we ulanylyşy yzygiderli beýan edilýär, dermanlyk çig mallaryň ýygnalyş, taýýarlanyş we saklanyş düzgünleri görkezilýär. Kitap giň okyjylar köpçüligine, lukmanlara, saglygy goraýyş işgärlerine, mugallymlara, talyplara, derman ösümlikleri bilen iş salyşýan we gyzyklanýan ähli adamlara niýetlenendir. Bu kitap bilen tanşan her bir raýat özüni gyzyklandyrýan soraglara anyk jogaplary tapyp biler. Sözümizi jemläp aýtsak, mähriban Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik eseri milli türkmen fitoterapiýasynyň ensiklopediýasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasyndan, giň ylmy gözýetiminden dörän bu ajaýyp ylmy eseriň dünýäniň lukmançylyk ylmynyň ösüşine, dünýä halklarynyň uzak ömür, sagdyn durmuş ýaşaýşyna ylmy esas berýändigine, türkmen halkynyň ylmy abraý-mertebesini dünýä ýaýýandygyna buýsanýarys.

Jumadurdy SOPYÝEW