«Bitaraplyk parahatçylygyň ak ýoly»


«Bitaraplyk parahatçylygyň ak ýoly»



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy noýabr aýynyň 4-ne Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde «Bitaraplyk parahatçylygyň ak ýoly» ady bilen çäre geçirdi we sergi gurady. Bu dabarada ösüp gelýän ýaş nesliň öňünde Türkmenistan ýurdumyzyň parahatçylykly ýoly barada gyzykly söhbetler şeýle hem ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen saklaýan gatnaşyklary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Öz gezeginde Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň ýaşajyk sazandalary öz aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler. Bu bolsa Milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň aň taýdan bilimli bolmagy üçin alyp barýan taýsyz tagallarynyň netijesidir. Şeýle-de kitaphana bu çäräni öz degişli sergisi bilen gurnady. Bu sergi okuwçylarda uly täsir galdyryp, öz gyzyklanýan sowallaryna jogap tapmaga kitaphanaçylar tarapyndan ýardam etdi. Dabaranyň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.