TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ BALKAN WELAÝATYNA IŞ SAPARY
31-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy we halkara çärelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ir bilen Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Balkan welaýatyna iş saparyna ugrady. Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy. Soňra hormatly Arkadagymyz bu ýerden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady.
Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda dünýä derejeli dynç alyş we şypahana toplumy emele geldi. Gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan syýahatçylyk zolagynda dynç alşa, şypahana ulgamyna degişli döwrebap düzümleriň uly toplumy halkymyza hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürleýär.
Milli Liderimiz «Awaza» sport toplumyna gelip, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçe ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde ýerine ýetirýän işleri baradaky maglumatlary bilen tanyşdy.
«Türkmenistan» gazeti