ÖMRÜŇ BIZE NUSGALYKDYR PYRAGY


ÖMRÜŇ BIZE NUSGALYKDYR PYRAGY

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda «Ömrüň bize nusgalykdyr Pyragy» ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Çäräniň başynda kitaphana hünärmenleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly-Dünýäniň akyldary» atly kitabyndaky: «Magtymguly Pyragy-beýik hormata mynasyp ussat. Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýen parasatly jümlelerini belläp geçdiler. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat beriji her bir goşgusy her birimiziň ömrümiz boýy nusgalykdyr, görelde mekdebidir. Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmekde, onuň pähim-parasata püre-pür sözleriniň manysyny tirmekde Gahryman Arkadagymyzy döreden eserleriniň örän ähmiýeti bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, Magtymguly Pyragy barada aýdan sözleri bize ussat şahyryň eserlerine bolan söýgümizi has-da artdyrýar. Dana Atamyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny diňe bir türkmen halkymyzyň däl-de dünýä ýüzüniň halklary hem uly gyzyklanma, höwes bilen okaýarlar. Awar şahyry Resul Gamzatow: Magtymgulynyň goşgularyny terjime etmek bilen, poeziýa äleminde şeýle ägirt adamyň bardygyna göz ýetirdim” diýip dana atamyz Magtymguly Pyraga ýokary baha berýär. Şygyr dünýäsiniň Soltany Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dürli dillerde aýdym bolup ýaňlanýar. Iňlis kompozitory Gilberg Biberýan :«Men Magtymgulynyň şygyrlarynyň täsiri bilen duýgulanyp, «Şahyr Magtymguly» atly saz eserini döretdim. Magtymguly meniň ýüregimiň töründe ýaşaýar, ol ylham çeşmäm» diýip şahyrymyzyň waspyny buýsançly jümleleri bilen belläp geçýär.

Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri bilen talyp-ýaşlaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň edep-terbiýe, öwüt- nesihat beriji şygyrlary barada söhbetdeşlik geçirildi. Magtymguly akyldarymyzyň:

«Owwal, Magtymguly özüň düzetgil
Özüňi sen özgelere göz etgil»

diýip, belleýşi ýal, perzendiňe görelde bolmaklyk üçin görelde bolmaklyk üçin görelde alarlykly hereket etmek, gep sözünde edep-ekramynda, geýim-gejiminde, bir söz bilen aýdylanda hemme babatda nusga bolmagy başarmak gerek. Tälim-terbiýe bermek, edep-ekram öwretmek işi her halkyň milli aýratynlygyna laýyklykda alnyp barylýar. Türkmen terbiýesinde ahlaksyzlygyň, haýsydyr bir etmişiň oňlanylmaýan hereketiň, ýigrenilýän hüý häsiýetiň zyýanly taraplaryny açyp görkezmek ýörgünli usul hökmünde giňden ulanylypdyr. Magtymgulynyň “Durasyň geler” diýen goşgusynda iki sany gyzyň deňeşdirmesi bar. Olaryň biri uzyn boýly şar gara saçly, özem «edep-ekramly, mylaýymzada» süýji sözli gözel gyz. Beýlekisi- saçyny ýuwman, sirkä basdyran, edepsiz ata-enesini sylamaýan, içerisini-daşarysyny, gap-gaçlaryny hapa saklaýan gyz. Magtymguly atamyz şu ýerde iki dürli sypatly gyzlar barada jemgyýetçilik pikirini beýan edýär we iki gyzy deňeşdirmek arkaly enäniň gyzyna göreldesi, nusgalygy barada pikir ýöredýär hem-de gowy, asylly gyzlar barada oňat pikiri öňe sürýär. Dana atamyz Magtymguly Pyragy bakylygyň şahyrydyr. Ýüzýyllyk geçensoň hem şahyrymyzyň her bir sözi, oý-pikiri, setirleri onuň içgi oý pikirlerini, ýüreginiň urgusyny, duýgusyny, onuň ýürek tolgunmalaryny biziň günlerimize alyp gelýär.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.



Maral NURYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri