TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYGYŇ MILLI NUSGASY


TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYGYŇ MILLI NUSGASY

Lebap welaýat kitaphanasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» 1251 belgili Kararyny ýerine ýetirmek we bu maksatnamanyň Meýilnamasy esasynda kitaphanada ornaşdyrylan Obserwatoriýanyň işini maksatlaýyn guramak, onuň iş mümkinçiligini düşündirmek , wagyz etmek, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw meýilnamalarynda bellenilen ýokary we orta hünär bilim edaralarynda bilim alýan talyplaryň, kitaphana işgärleriniň arasynda tejribe we okuw sapaklaryny geçirmek maksady bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy-parahatçylygyň milli nusgasy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Örän täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda ata Watanymyzyň geljegi bolan nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.