DÜNÝÄ AKYLDARY-TÜRKMEN DANASY


DÜNÝÄ AKYLDARY-TÜRKMEN DANASY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri hem-de Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary bilen «Dünýä akyldary-türkmen danasy» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny bölümleriniň aýratynlygyny, şeýle-de türkmen döwletliligini berkarar etmekde nusgalyk işleri bitiren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga hem-de beýleki ençeme taryhy şahsyýetlerimize goýulýan beýik hormatyň aýdyň nyşanydyr diýip, okuwçylara täsirli gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen söz sungatynyň pälwany Magtymguly Pyragynyň sarpasyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.