PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek tassyklanmagy, eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi diýip bellediler. Şeýle-de Türkmenistan beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanydygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.