TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BALKAN WELAÝATYNDA TÄZE HOWA MENZILINIŇ GURLUŞYK IŞLERINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BALKAN WELAÝATYNDA TÄZE HOWA MENZILINIŇ GURLUŞYK IŞLERINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

1-nji aprelda ir bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinden dikuçarda Balkanabat şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Taryhdan belli bolşy ýaly, ir döwürlerde Türkmenistanyň çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrypdyr. Yklymara ýollaryň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz häzirki döwürde-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara derejede üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi gadymy aragatnaşyk ýollarynyň täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyz giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatynyň, ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak mümkinçilikleriniň artmagynda möhüm orny eýelejek täze howa menziliniň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesi we täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary, onda ulanylýan serişdeleriň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen gyzyklandy. Uçuş-gonuş zolagy şu talaplara, bu ugra degişli ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede gurlupdyr. Gahryman Arkadagymyz ulag-kommunikasiýa pudagynyň dünýä ykdysadyýetiniň we söwda dolanyşygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, täze howa menziliniň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynda we ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek bilen bagly wezipeleri çözmekde aýratyn orun eýelejekdigini aýtdy. Şol pursatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy. Munuň özi özboluşly synag gonuşy bolmak bilen, menziliň uçuş-gonuş zolaklarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

«Türkmenistan» gazeti