BITARAPLYK DÜNÝÄ PARAHATÇYLYGYŇ BEÝIK NYŞANY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Bitaraplyk dünýä parahatçylygyň beýik nyşany» ady bilen sergi, gezelenç geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hem ajaýyp ýurdumyzda kitap, neşirýat, kitaphana işleri döwrebap ösdürilýär. Şeýle bolansoň, ýaşlaryň, talyplaryň arasynda kitaba bolan söýgi, hormat barha artýar. Aslynda, ata-babalarymyz hem pähim-paýhasyň çeşmesi bolan kitaba hormat, sarpa goýupdyrlar. Merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan kitap baradaky nakyllardan, dana pähimlerden görnüşi ýaly, kitap – bu geçeni, geljegi öwredýän danadyr, kitap ynsanyň akylyny goýaldyjy dosty, mugallymy onuň baky hemrasydyr. Kitaby söýmek, oňa sarpa goýmak biziň milli ýörelgämizdir.
Gezelenjiň ahyrynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri okamaga, öwrenmäge, öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly alkyşlar aýtdylar.