BAKY BITARAPLYK BUÝSANJYMYZDYR


BAKY BITARAPLYK BUÝSANJYMYZDYR

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Baky Bitaraplyk buýsanjymyzdyr» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler uly depgin bilen alnyp barylýar. Biziň hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Bitaraplyk baş ýörelgämizdir» atly sergi döredildi. Bu sergi esasynda döredilen söhbetdeşlikde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezip, ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän deň hukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň gujagynda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.