KITAPHANA ROWAÇLYGA BADALGA
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda talyp ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen «Kitaphana rowaçlyga badalga» atly gurnak geçirildi.
Gurnaga gatnaşyjy talyp ýaşlara Döwlet kitaphanasynyň taryhy,onuň dürli bölümlerinde okyjylara edilýän hyzmat,medeni köpçülik işleriniň we kitap sergileriniň guralyşy hakynda giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem talyplary kitaphananyň bölümlerinde işleriň gidişi bilen gurnaga gatnaşyjylar tanyşdyryldy. Gurnagyň ahyrynda talyplar bilen sorag-jogap alşyldy.
Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.